Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň nobatdakysyna badalga berler
04 Awgust, 2022 ý.

7-nji awgustda ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi badalgasyny alar.

Toparlaryň sekizisiniň gatnaşmagynda geçiriljek ýaşlar çempionaty iki aýlawdan ybarat bolar.

Ýeri gelende bellesek, geçen möwsüm ýaşlaryň arasyndaky birinjilik paýtagtymyzyň “Altyn Asyr II” toparynyň bassyr üçünji ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Bellik: Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar (U20) ýygyndy toparynyň 2022-nji ýylyň 10-18-nji sentýabry aralygynda Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyryna gatnaşýandygy we bu ýaryşa taýýarlyk görýändigi sebäpli birinjiligiň V, VI we VII tapgyrlary başga möhletlere geçirildi.

TÜRKMENISTANYŇ BIRINJILIGINE GATNAŞÝAN FUTBOL TOPARLAR

1.“Altyn Asyr-II” futbol toparyAşgabat şäheri
2.“Ahal-II” futbol toparyAhal welaýatynyň Änew şäheri
3.“Şagadam-II” futbol toparyBalkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri
4.“Köpetdag-II” futbol toparyAşgabat şäheri
5.“Merw-II” futbol toparyMary welaýatynyň Mary şäheri
6.“Aşgabat-II” futbol toparyAşgabat şäheri
7.“Nebitçi-II” futbol toparyBalkan welaýatynyň Balkanabat şäheri
8.“Energetik-II” futbol toparyMary welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesi

1-nji aýlaw

I tapgyr:

Oýun 1.7-nji awgust (ýe.)“Altyn Asyr-II” – “Energetik-II”
Oýun 2.7-nji awgust (ýe.)“Ahal-II” – “Nebitçi-II”
Oýun 3.7-nji awgust (ýe.)“Şagadam-II” – “Aşgabat-II”
Oýun 4.7-nji awgust (ýe.)“Köpetdag-II” – “Merw-II”

II tapgyr:

Oýun 5.14-nji awgust (ýe.)“Aşgabat-II”– “Köpetdag-II”
Oýun 6.14-nji awgust (ýe.)“Energetik-II” – “Merw-II”
Oýun 7.14-nji awgust (ýe.)“Nebitçi-II” – “Şagadam-II”
Oýun 8.14-nji awgust (ýe.)“Altyn Asyr-II” – “Ahal-II”

III tapgyr:

Oýun 9.20-nji awgust (şe.)“Köpetdag-II” – “Nebitçi-II”
Oýun 10.20-nji awgust (şe.)“Ahal-II” – “Energetik-II”
Oýun 11.20-nji awgust (şe.)“Şagadam-II” – “Altyn Asyr-II”
Oýun 12.20-nji awgust (şe.)“Merw-II” – “Aşgabat-II”

IV tapgyr:

Oýun 13.28-nji awgust (ýe.)“Energetik-II” – “Aşgabat-II”
Oýun 14.28-nji awgust (ýe.)“Nebitçi-II” – “Merw-II”
Oýun 15.28-nji awgust (ýe.)“Ahal-II” – “Şagadam-II”
Oýun 16.28-nji awgust (ýe.)“Altyn Asyr-II” – “Köpetdag-II”
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.