Üçünji tapgyryň jemleýji duşuşyklary geçirildi
02 Noýabr, 2021 ý.

Şu gün, ikinji noýabrda üçünji tapgyryň jemleýji duşuşyklary geçirilip, onda «Köpetdag» «Nebitçi» bilen «Aşgabat» bolsa «Merw» bilen güýç synanyşdylar.

«Nisa» stadionynda geçirilen duşuşykda «Aşgabat» topary möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. Paýtagtymyzyň adybir topary garşydaşyndan 3:1 hasabynda üstün çykmagy başardy. «Köpetdag» bilen «Nebitçiniň» arasyndaky duşuşykda hasap açylmady.

Häzirki wagta çenli geçirilen duşuşyklardan soň «Ahal», «Şagadam» hem-de «Altyn Asyr» toparlary ýaryş tertibiniň öňdäki orunlaryny eýeleýärler.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary 8-nji noýabrda geçiriler: «Ahal» – «Şagadam», «Energetik» – «Merw», «Nebitçi» – «Aşgabat», «Altyn Asyr» – «Köpetdag».

3-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

«Köpetdag» – «Nebitçi» – 0:0

Duýduryşlar: 9 Ýazgylyç Gurbanow («Köpetdag») – 33 Serdar Annaorazow («Nebitçi»)

Meýdandan çykarylan: 41 Serdar Annaorazow («Nebitçi»)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)

Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş.)

«Aşgabat» – «Merw» – 3:1

Gollar: 12 Döwran Hojamämmedow, 28 Şatlyk Gurbanow, 90 Toýmämmet Sähetmämmedow («Aşgabat») – 9 (11 m.j.u.) Begenç Allamow («Merw»)

Duýduryşlar: 7 Azady Annadurdyýew («Aşgabat») – 29 Amangeldi Saparow («Merw»)

Meýdandan çykarylan: 31 Döwlet Mirsultanow («Merw»)

Geçirilýän ýeri: «Nisa» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)

Ýaryş tertibi:

T/bToparlarOÝDUTU
1.«Ahal»43109-310
2.«Şagadam»32108-47
3.«Altyn Asyr»42029-86
4.«Aşgabat»31114-44
5.«Köpetdag»30303-33
6.«Nebitçi»30210-22
7.«Merw»30125-91
8.«Energetik»30121-61
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.