Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň oýunçylary AFK-nyň kubogynda iň netijeli oýunçylaryň üçlüginde
02 Oktýabr, 2021 ý.

AFK-nyň Kubogynyň şu möwsümde geçirilýän bäsleşigine gatnaşan türkmen toparlarynyň oýunçylary Elman Tagaýew bilen Altymyrat Annadurdyýew iň köp tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ilkinji üçlükden orun aldylar.

“Ahalyň” düzüminde AFK-nyň Kubogy-2021-iň Merkezi Aziýa sebitiniň toparçalaýyn bäsleşiginde, soňlugynda bolsa sebitiň finalynda çykyş eden Elman Tagaýew geçirilen duşuşyklarda 5 topy öz adyna ýazdyrmagy başardy. Sanawda üçünji orny eýeleýän “Altyn Asyryň” hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew bolsa garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 4-sini geçirmegi başardy.

Bu futbolçylaryň ikisiniň hem Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda çykyş edýändiklerini ýatladýarys.

Häzirki wagtda hem dowam edýän AFK-nyň Kubogy-2021 bäsleşiginiň iň netijeli futbolçylaryň sanawynda ilkinji orny garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 6-syny geçiren Özbegistanyň «Nasaf» toparynyň 19 ýaşly oýunçysy Huseýn Norçaýew eýeleýär.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.