Türkmenistanyň ýygyndy topary FIFA-nyň täzelenen reýtingindäki ornuny saklap galdy
17 Sentýabr, 2021 ý.

Ýakynda FIFA-nyň 2021-nji ýylyň sentýabr aýy üçin täzelenen reýtingi çap edildi. Bu barada bu guramanyň resmi saýtynda beýan edilýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy täzelenen sanawda öňki eýeleýän 130-njy ornuny saklap galdy. Ýygyndy toparymyz geçen döwürde 1117.12 utuk toplapdyr.

Ýygyndy toparymyzdan soňky orny Ekwotorial Gwineýanyň (1116.12 utuk) ýygyndysy eýeleýär. Ýygyndymyzdan bir basgançak ýokarda bolsa Angolanyň (1118.12) ýygyndysy ornaşýar.

FIFA-nyň täzelenen sanawynda ilkinji on orny eýeleýän ýygyndylar şulardan ybarat: Belgiýa (1832,33), Braziliýa (1811,73), Angliýa (1755,44), Fransiýa (1754,31), Italiýa (1735,73), Argentina (1725,31), Portugaliýa (1674,9), Ispaniýa (1673,68), Meksika (1666,19) hem-de Daniýa (1658,49).

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.