Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygy tamamlandy
23 Awgust, 2021 ý.

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlygynyň çäginde paýtagtymyzda ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik meýdanynda dowam eden okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda ýaşlar ýygyndymyz “Şagadam” hem-de “Ahal” toparynyň ýaşlar düzümi bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 21-siniň gözden geçirilendigini bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynyň “F” toparçasynda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň duşuşyklary şu ýylyň oktýabr aýynda merkezleşdirilen (bir ýurtda) görnüşinde Iordaniýada geçiriler.

Ýaşlar ýygyndy toparlarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2022-nji ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.