Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U23) Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýygyndylary bilen duşuşar
10 Iýul, 2021 ý.

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde ýaşlar ýygyndylarynyň (U23) arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi.

Geçirilen bije çekişligiň netijesinde ýygyndy toparlaryň 42-si toparçalaryň 11-sine bölündiler. Günbatar zolagynda toparçalaryň altysy (23 ýygyndy) emele gelen bolsa, Gündogar zolagynda ýygyndylaryň 19-sy toparçalaryň bäşisinde çykyş ederler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy “F” toparçada Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň milli ýygyndylary bilen duşuşar. Bu toparçanyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde Iordaniýada geçiriler.

Ýaşlaryň arasyndaky Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň 2021-nji ýylyň 23-31-nji oktýabry aralygynda geçirilmegine garaşylýar.

Saýlama tapgyrynyň tertibine görä, 11 toparçanyň ýeňijisi bilen ikinji orny eýelänleriň iň gowy netije görkezenleriniň dördüsi yklym ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik alar.

Ýeri gelende bellesek, ýaşlar ýygyndylarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2022-nji ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Bije çekişligiň netijesi:

Günbatar zolagy

“A” toparça: Siriýa, Katar (ýer eýesi), Ýemen, Şri-Lanka

“B” toparça: Eýran, Täjigistan (ýer eýesi), Liawn, Nepal

“C” toparça: Yrak, Bahreýn (ýer eýesi), Owganystan, Maldiwler

“D” toparça: Saud Arabystany, Bangladeş, Kuweýt (ýer eýesi), Şzbegistan

“E” toparça: BAE (ýer eýesi), Oman, Hindistan, Gyrgyz Respublikasy

“F” toparça: Iordaniýa (ýer eýesi), Palestina, TÜRKMENISTAN

Gündogar zolagy

“G” toparça: Awstraliýa, Hytaý, Indoneziýa (ýer eýesi), Bruneý

“H” toparça: Koreýa Respublikasy, Singapur (ýer eýesi), Gündogar Timor, Filippinler

“I” toparça: Wýetnam, Mýanma, Gonkong, Hytaý Taýpeýi (ýer eýesi)

“J” toparça: Taýland, Malaýziýa, Laos, Mongoliýa (ýer eýesi)

“K” toparça: KHDR, Ýaponiýa, Kamboja.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.