Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
02 Awgust, 2021 ý.

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlygynyň çäginde paýtagtymyzda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik meýdanynda 2-9-njy awgust aralygynda geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 23-sini gözden geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynyň “F” toparçasynda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň duşuşyklary şu ýylyň oktýabr aýynda merkezleşdirilen (bir ýurtda) görnüşinde Iordaniýada geçiriler.

Ýaşlar ýygyndy toparlarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2022-nji ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.