Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi
12 Awgust, 2021 ý.

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlygynyň çäginde paýtagtymyzda geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygy tamamlandy. Onuň dowamynda ýaşlar ýygyndymyz “Ahal” hem-de “Aşgabat” toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik meýdanynda bir hepdeläp dowam eden okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 23-siniň gözden geçirilendigini ýatldýarys. Ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysynyň ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 16-21-nji awgust aralygynda paýtagtymyzda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynyň “F” toparçasynda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň duşuşyklary şu ýylyň oktýabr aýynda merkezleşdirilen (bir ýurtda) görnüşinde Iordaniýada geçiriler. Saýlama tapgyrynyň çäginde geçiriljek bäsleşigiň netijesinde 11 toparçanyň ýeňijisi bilen ikinji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy netije görkezenleriniň dördüsi yklym ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Ýaşlar ýygyndy toparlarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2022-nji ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.