Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer
16 Awgust, 2021 ý.

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlygynyň çäginde paýtagtymyzda ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik meýdanynda 16-21-njy awgust aralygynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 21-sini gözden geçiriler. Onuň dowamynda ýygyndy toparymyz ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Ýerli toparlar bilen guraljak ýoldaşlyk duşuşyklary19-njy hem-de 20-nji awgustda geçiriler. Ýaşlar ýygyndy toparymyzyň paýtagtymyzda dowam eden birinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň 2-9-njy awgust aralygynda geçirilendigini ýatladýarys. Onuň dowamynda ýygyndy toparymyz “Ahal” hem-de “Aşgabat” toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi.

Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynyň “F” toparçasynda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň duşuşyklary şu ýylyň oktýabr aýynda merkezleşdirilen (bir ýurtda) görnüşinde Iordaniýada geçiriler.

Ýaşlar ýygyndy toparlarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2022-nji ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.