Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşar
19 Oktýabr, 2021 ý.

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşar.

Ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzümi saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 23-sini (Ballakow Welmyrat, Hydyrow Şamämmet, Myradow Begençmyrat, Myratberdiýew Rahman, Nurmetow Ahmed, Toýjanow Yhlas, Ahallyýew Rüstem, Beknazarow Mirza, Çaryýew Rasul, Diniýew Meýlis, Sapargulyýew Arzuwguly, Gaýlyýew Batyr, Meredow Daýanç, Nuryýew Daýanç, Borjakow Aly, Berdiýew Döwran, Seýidow Orazgeldi, Çaryýew Teýmur, Galkin Roman, Hojamuhammedow Azatmuhammet, Arbatow Begmyrat, Jumadurdyýew Aşyr, Täçnazarow Batyr) çagyrdy.

Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynyň “F” toparçasynda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň duşuşyklary şu aýyň dowamynda merkezleşdirilen (bir ýurtda) görnüşinde Iordaniýada geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde ýaşlar ýygyndy toparymyz 3-13 oktýabr aralygynda paýtagtymyzda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi. Ýaşlar ýygyndymyz geçiren okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ýerli toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdi.

Ýaşlar ýygyndy toparlarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2022-nji ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Aziýa Kubogy – 2022-niň saýlama tapgyry. Iordaniýa (Amman ş.)

“F” toparça

25.10.2021 г.

21:00 Türkmenistan – Iordaniýa (“King Abdullah II” st.)

28.10.2021 г.

21:00 Palestina – Türkmenistan (“King Abdullah II” st.)

31.10.2021 г.

21:00 Iordaniýa – Palestina (“King Abdullah II” st.)

Bellik: duşuşyklaryň başlanýan wagtlary Aşgabat wagty bilen görkezilen.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.