Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2022-niň saýlama tapgyrynda ýeňiş gazandy
29 Oktýabr, 2021 ý.

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygynda Palestinanyň ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Gazanan bu ýeňşinden soň 3 utuk toplan ýaşlar ýygyndymyz saýlama tapgyrynyň “F” toparçasynda ikinji basgançagy eýeleýär. Bu toparçada öňdäki orny 3 utugy bolan Irordaniýanyň ýaşlar ýygyndysynyň eýeleýändigini ýatladýarys. Iordaniýanyň ýygyndysy birinji tapgyrda futbolçylarymyzdan 1:0 hasabynda üstün çykandygy sebäpli ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Saýlama tapgyrynyň “F” toparçasyndaky jemleýji duşuşykda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýaşlar ýygyndylary duşuşarlar. Bu ýygyndylaryň arasyndaky duşuşyk 31-nji oktýabrda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda ýaşlar ýygyndy toparlarynyň (U23) gatnaşmagynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final böleginde saýlama tapgyrlaryndaky toparçalaryň 11-siniň ýeňijileri bilen ikinji orny eýelän ýygyndylaryň dördüsi çykyş etmäge hukuk gazanarlar.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.