Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2022-niň final böleginde çykyş eder
01 Noýabr, 2021 ý.

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy 2022-nji ýylda Daşkent şäherinde 23 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda geçiriljek Aziýa kubogynyň final böleginde çykyş etmäge hukuk gazandy.

Ahmet Agamyradowyň tälim berýän ýygyndy topary Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eden “F” toparçasynda ikinji orny eýeledi. Ilkinji duşuşygynda Iordaniýanyň ýygyndy toparyndan 1:0 hasabynda ýeňlen ýaşlar ýygyndymyz, ikinji oýnunda palestinaly deň-duşlaryndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, ýaşlar ýygyndymyz öz toparçalarynda ikinji orny eýelän ýygynydylaryň arasynda öňdäki dörtlige girip, taryhynda ilkinji gezek ýaşlar ýygyndylaryň arasynda geçirilýän Aziýa Kubogynyň final böleginde çykyş etmäge mümkinçilik aldy.

Bäşinji gezek geçirilýän Aziýa Kubogynyň final böleginde çykyş etmäge hukuk berýän ýollanmalar ugrunda ýygyndylaryň 38-si saýlama tapgyryndaky toparçalaryň 11-sinde özara bäsleşýändiklerini bellemek gerek.

Saýlama tapgyrynyň jemi boýunça häzirki wagtda Kataryň, Eýranyň, Yragyň, Kuweýtiň, BAE-niň, Awstraliýanyň, Iordaniýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Ýaponiýanyň, Taýlandyň hem-de Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndylary yklym ýaryşynyň final bölegine gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Özbegistanyň ýygyndysynyň ýer eýesi hökmünde final böleginde çykyş edýändigini ýatladýarys. Aziýa Kubogynyň final böleginde çykyş etmäge mümkinçilik berýän ýollanmalaryň galan üçüsi “D” hem-de “I” toparçalarda geçiriljek duşuşyklardan soň belli bolar. Bu toparçalaryň duşuşyklary 2-nji noýabrda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2022-nji ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.