Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary “Şagadam” bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
19 Awgust, 2021 ý.

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda Türkmenbaşy Şäheriniň “Şagadam” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň türgenleşik meýdanynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygy 1:0 hasabynda Türkmenbaşy şäheriniň toparynyň peýdasyna tamamlandy. “Şagadama” ýeňiş getiren topy oýnuň 60-njy minutynda Yhlas Magtymow öz adyna ýazdyrdy.

Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysynyň 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlygynyň çäginde paýtagtymyzda ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýändigini ýatladýarys.

Paýtagtymyzda dowam edýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda milli ligalarymyzda çykyş edýän futbolçylaryň 21-si gözden geçirilýär.

Ýaşlar ýygyndy toparymyzyň paýtagtymyzda dowam eden birinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň 2-9-njy awgust aralygynda geçirilendigini ýatladýarys. Onuň dowamynda ýygyndy toparymyz “Ahal” hem-de “Aşgabat” toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi.

Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynyň “F” toparçasynda Iordaniýanyň hem-de Palestinanyň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň duşuşyklary şu ýylyň oktýabr aýynda merkezleşdirilen (bir ýurtda) görnüşinde Iordaniýada geçiriler.

Ýaşlar ýygyndy toparlarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2022-nji ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.