Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysynyň gollary “Kaspiý” toparyna ýeňiş getirdi
13 Iýul, 2021 ý.

“Kaspiý” topary Gazagystanyň Kubogy – 2021-iň çäginde “Turan” toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykdy.

“Kaspiý” toparynyň düzüminde çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow (26, 34) iki topy öz adyna ýazdyrdy. Aktau şäheriniň toparynyň beýleki toplaryny Ramazan Karimow (42) bilen Bekzat Kabylan (80) geçirdiler.

Gazanan bu ýeňşinden soň “Kaspiý” topary Kubok bäsleşiginiň “D” toparçasynda öňdäki orna geçmegi başardy.

Gazagystanyň Kubogy – 2021: 29-njy gezek geçirilýän Kubok ugrundaky bäsleşigiň deslapky tapgyrynda toparlaryň 16-sy ilki toparçalaýyn bäsleşikde güýç synanyşarlar. Dört toparçada geçiriljek bäsleşigiň netijesinde öz toparçalarynda ilkinji iki orny eýelän toparlaryň sekizisi indiki tapgyrda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Gazagystanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň deslapky tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Çeşme: turkmenportal.com

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.