Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyryndaky soňky duşuşygyny geçirdi
15 Iýun, 2022 ý.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynda soňky duşuşygyny geçirdi. Ýygyndy toparymyz üçünji tapgyryň duşuşygynda Bahreýniň ýygyndy topary bilen duşuşyp, 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Bu duşuşykdaky ýeke-täk topy 23-nji minutda Abdulla Ýusuf Helal 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Şeýlelikde, geçirilen oýunlardan soň 9 utuk toplan Bahreýniň milli ýygyndysy “E” toparçada birinji orny eýeledi. 6 utugy bolan Malaýziýanyň ýygyndy topary ikinji, 3 utuk toplan Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçünji orunlary eýelediler. Bangladeşiň ýygyndysy toparçada dördünji ornunda ornaşdy.

Geçirilen saýlama tapgyrynyň netijesinde Aziýanyň Kubogy – 2023-iň final tapgyrynda çykyş etjek milli ýygyndylaryň 24-si hem belli boldy.

Aziýanyň Kubogy – 2023-iň üçünji saýlama tapgyrynyň jemi boýunça Iordaniýanyň, Indoneziýanyň, Palestinanyň, Özbegistanyň, Taýlandyň, Hindistanyň, Gonkongyň, Bahreýniň, Malaýziýanyň, Täjigistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary arzyly sepgide ýetmegi başardylar. Mundan başga yklym ýaryşynyň final tapgyrynda Eýranyň, Koreýa Respublikasynyň, BAE-niň, Liwanyň, Yragyň, Siriýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Omanyň, Wýetnamyň, Hytaýyň hem-de Kataryň milli ýygyndylary çykyş ederler.

Ýeri gelende bellesek, Aziýanyň Kubogynyň final tapgyrynda milli ýygyndylar toparçalaýyn bäsleşikde toparçalaryň altysynda bäsleşerler. Aziýanyň Kubogynyň hereket edýän ýeňijisi Kataryň ýygyndysydygyny ýatladýarys. Bu ugurda iň adygany bolsa Ýaponiýanyň milli ýygyndysydyr.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.