Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2023-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişliginde ikinji sebetden ýer aldy
14 Oktýabr, 2021 ý.

2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek futbol boýunça Aziýa kubogynyň üçünji saýlama tapgyrynyň öňüsyrasynda pleý-off duşuşyklary geçirilip, Kambojanyň hem-de Indoneziýanyň ýygyndylary ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandylar.

Ýakynda geçirilen pleý-off tapgyrynyň duşuşyklarynda Kambojanyň hem-de Indoneziýanyň milli ýygyndylary degişlilikde Guamyň hem-de Hytaý Taýpeýiniň ýygyndy toparlaryndan üstün çykdylar.

Şeýlelikde, AFK-nyň çägine girýän ýygyndylaryň 24-si (Üçünji saýlama tapgyrynda çykyş edýän ýygyndylar: Özbegistan, Iordaniýa, Bahreýn, Gyrgyz Respublikasy, Palestina, Hindistan, Taýland, Täjigistan, Filippinler, TÜRKMENISTAN, Kuweýt, Owganystan, Malaýziýa, Singapur, Mongoliýa, Hytaý Gonkongy, Maldiw adalary, Şri-Lanka, Nepal, Mýanma, Ýemen, Bangladeş, Indoneziýa, Kamboja) hem belli boldy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy bije çekişlikde ikinji sebetden orun aldy.

Iki aýlawdan ybarat bolan saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna 2022-nji ýylyň fewral aýynda badalga berler. Toparçalaryň ýeňijileri bilen ikinji orunlary eýelänleriň gowy netije görkezenleriniň bäşisi Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Bilşiňiz ýaly, Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyry 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry bilen utgaşykly alnyp barlypdy. Geçirilen saýlama tapgyrynyň netijesinde dünýä çempionaty – 2022-niň jemleýji tapgyryna Siriýanyň, Awstraliýanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, BAE-niň, Koreýa Respublikasynyň, Omanyň, Yragyň, Wýetnamyň, Hytaýyň, hem-de Liwanyň ýygyndy toparlary gatnaşmaga mümkinçilik alypdylar. Bu ýygyndylar bilen Kataryň ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2023-iň final tapgyryna gatnaşmaga hem hukuk gazandylar.

2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogyny Hytaý Halk Respublikasy kabul eder. 2023-nji ýylyň 16-njy iýuny bilen 16-njy iýuly aralygynda geçiriljek yklym ýaryşy şäherleriň 10-synda (Pekin, Týanszin, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn, Suçjou) guralar.

Bije çekişlige gatnaşjak milli ýygyndylaryň sebetlerdäki orunlary:

1-nji sebet: Özbegistan, Iordaniýa, Gyrgyz Respublikasy, Bahreýn, Palestina, Hindistan;

2-nji sebet: Täjigistan, Taýland, Filippinler, Kuweýt,TÜRKMENISTAN,  Mýanma;

3-nji sebet: Hytaý Gonkongy, Ýemen, Owganystan, Malaýziýa, Maldiw adalary, Singapur;

4-nji sebet: Nepal, Mongoliýa, Indoneziýa, Bangladeş, Şri-Lanka, Kamboja.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.