Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň kapitany FIFA-nyň onlaýn-maslahatyna gatnaşdy
09 Oktýabr, 2021 ý.

Ýakynda FIFA-nyň guramagynda agza bolan milli ýygyndy toparlaryň kapitanlarynyň gatnaşmagynda onlaýn-maslahaty geçirildi.

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino tarapyndan açylan onlaýn-maslahatynyň dowamynda futbol boýunça her dört ýyldan bir gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň wagtlaryny ýygjamlatmak bilen bagly FIFA-nyň öňe süren üýtgeşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

FIFA-nyň Ösüş we Futboly bütin dünýäde ýaýbaňlandyrmak bölüminiň ýolbaşçysy Arsen Wengeriň gatnaşmagynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň adyndan futbol boýunça milli ýygyndy toparymyzyň kapitany, “Ahal” toparynyň oýunçysy Arslanmyrat Amanow gatnaşdy.

Onuň dowamynda A.Wenger tarapyndan öňe sürlen dünýä birinjiligini her iki ýyldan bir gezek geçirmek baradaky teklibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň dowamynda ýygyndy toparlaryň kapitanlarynyň käbiri bu pikiri goldaýandyklaryny beýan etseler, käbirleriniň pikiri dünýä birinjilikleriniň öňki-öňküligine galmalydygy barada boldy. Umuman, tanyşdyrylyş äheňinde geçirilen onlaýn-maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar bu mesele bilen bagly öz pikirlerini öňe sürmäge mümkinçilik aldylar. Onlaýn-maslahatyna Sami Hedira (Germaniýanyň milli ýygyndysy) ýaly futbol ýyldyzlarynyň hem gatnaşandygyny bellemek gerek

Maslahatyň dowamynda çykyş eden A.Amanow FIFA-nyň öňe süren bu üýtgeşmelerini doly goldaýandygyny beýan etdi. Onuň bellemegine görä, futbol boýunça dünýä çempionatynyň her iki ýyldan bir gezek geçirilmegi diňe bir ýygyndy toparlaryň oýunçylaryna bolman, geljegine umyt bilen garalýan ýaşlara hem oýun babatynda bahasyna ýetip bolmajak tejribe toplamaga mümkinçilik berer.

FIFA-nyň diňe bir agza bolan futbol federasiýalarydyr, assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn-maslahatlary geçirmän, eýsem-de, futbol meýdanyna çykýan oýunçylaryň pikirlerini bilmek üçin ýörite maslahatlary guraýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Çünki bu ýagdaýlar FIFA-nyň öňe sürýän üýtgeşmeleriniň doly derejede öwrenilmegine giň mümkinçilikleri döredýär.

Ýeri gelende bellesek, FIFA tarapyndan öňe sürlen üýtgeşmeler bilen bagly onlaýn-maslahatlar yzygiderli geçirilip durulýar.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.