Türkmenistanyň Kubogynyň ýarymfinalçylary belli boldy
05 Noýabr, 2021 ý.

Şu gün, bäşinji noýabrda futbol boýunça ýurdumyzyň Kubogynyň çärýek finalynyň duşuşyklary geçirildi.

Paýtagtymyzdaky “Nisa” stadionynda geçirilen duşuşykda “Aşgabat” topary “Ahaly” kabul etdi. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan “Ahal” 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda “Nebitçi” bilen “Altyn Asyr” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Oýundan soňky bellenen 11 metrlik urgularda şowlulyk “Altyn Asyr” toparynyň tarapynda boldy.

Maryda geçirilen duşuşykda ýerli “Merw” Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” toparyndan 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Mary welaýatynda geçirilen ýene-de bir duşuşykda “Köpetdag” ýerli “Energetigi” oýundan soňky bellenen 11 metrlik urgularynda ýeňmegi başardy.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinal duşuşyklarynyň ýeňijileriniň bir oýunda kesgitlenendigini bellemek gerek.

Şeýlelikde, ýarymfinal duşuşyklarynda “Altyn Asyr” – “Ahal” hem-de “Şagadam” – “Köpetdag” toparlary duşuşarlar. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýarymfinalynyň oýunlary 7-nji dekabrda geçiriler. Final oýny bolsa 22-nji dekabrda geçiriler.

Bu gezekki Kubok bäsleşigine Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 8-siniň (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Aşgabat”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Merw”, “Energetik”, “Köpetdag”) gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinal duşuşyklarynyň netijeleri:

“Nebitçi” – “Altyn Asyr” – 2:2 (11 m.j.u. 3:4)

Gollar: 26 Süleýman Derýaýew, 90+5 (11 m.j.u.) Azat Garajaýew (“Nebitçi”) – 12 Begmyrat Baýew, 68 (11 m.j.u.) Myrat Annaýew (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 20 Wladislaw Kopaýew, 29 Akmyrat Jumanazarow, 38 Süleýman Derýaýew (“Nebitçi”) – 90+1 Güýçmyrat Annagulyýew (“Altyn Asyr”)

Meýdandan çykarylan: 72 Akmyrat Jumanazarow, ikinji duýduryş (“Nebitçi”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)

Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş.)

“Aşgabat” – “Ahal” – 1:2

Gollar: 56 Röwşen Baýlyýew (“Aşgabat”) – 29 (11 m.j.u.), 50 Arslanmyrat Amanow (“Ahal”)

Duýduryşlar: 28 Şazada Bäşimow, 62 Ezizmämmet Orazmämmedow, 88 Atageldi Geldiýew, 90+2 Muhammetguly Kulyýew (“Aşgabat”) – 90 Ilýa Tamurkin, 90+3 Gurban Annaýew (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Nisa” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)

“Merw” – “Şagadam” – 1:3

Gollar: 79 Serdaraly Ataýew (“Merw”) – 22 (11 m.j.u.) Baýramgeldi Nurlyýew, 31 Kerim Hojaberdiýew, 66 Resul Mahmudow (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 20 Melis Rizaýew, 54 Toýly Goçnazarow, 68 Döwletmyrat Döwletmyradow, , 90+2 Maksat Atagarryýew, 90+3 Bagtyýar Hojaahnedow (“Merw”) – 6 Farhad Italmazow, 90+5 Arslan Ýollyýew (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: A.Mämmetgulyýew (Aşgabat ş.)

“Energetik” – “Köpetdag” – 1:1 (11 m.j.u. 3:4)

Gollar: 86 Muhammet Işangulyýew (“Energetik”) – 71 Yhlas Saparmämmedow (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 18 Muhammet Işangulyew, 22 Begmyrat Pirkuliew, 53 Mekan Çaryýew, 59 Serdar Annamämmedow, 65 Batyr Geldiýew, 83 Perman Hallyýew (“Energetik”) – 31 Bagtyýar Gürgenow, 65 Begenç Akmämmedow, 65 Yhlas Saparmämmedow, 68 Ýаzgylyç Gurbanow (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Mary ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: H.Ataniýazow (Aşgabat ş.)

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.