Türkmenistanyň kubogy ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygy "Nusaý" stadionynda geçiriler
08 Dekabr, 2022 ý.

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň aýgytlaýjy duşuşygy Aşgabat şäheriniň “Nusaý” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 11-nji dekabrda geçirilip, 14:00-da başlanar.

Bu gezekki Kubok ugrundaky bäsleşigiň finalynda “Ahal” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşarlar.

Ýeri gelende bellesek, “Ahal” topary finala barýan ýolda “Merw” bilen “Altyn Asyr” toparlaryny, “Şagadam” bolsa “Energetik” hem-de “Aşgabat” toparlaryny ýeňmegi başardy.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygy:
11.12.2022 ý. (ýekşenbe)
“Şagadam” – “Ahal”
Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 14:00
Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.), Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow (Aşgabat ş.)

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2023.
Ähli hukuklary goragly.