Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Daşkentde ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
04 Aprel, 2022 ý.

Özbegistanyň paýtagty Daşkentde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy ýerli “Bunýodkor” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Ýygyndy toparymyzyň doly artykmaçlygynda geçen bu duşuşykda futzalçylarymyz garşydaşyny 6:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Maksat Amanow, Gurbangeldi Sähedow (2), Allamyrat Gurbanow, Gylyçmyrat Gylyçmyradow hem-de Kadyr Berenow dagy geçirmegi başardylar.

Aziýanyň Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän ýurdumyzyň milli ýygyndysy ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny 5-nji aprelde Özbegistanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer.

Ýeri gelende bellesek, Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynda sebitleriň dördüsine bölünen milli ýygyndylaryň 30-sy çykyş eder. Geçirilen bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi we Günorta sebitinde geçiriljek saýlama duşuşyklarynda “A” toparçada çykyş eder. Ýygyndy toparymyzyň bu tapgyrdaky garşydaşlary Eýranyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Maldiwleriň ýygyndy toparlary bolarlar. Bu sebitde geçiriljek saýlama tapgyrynyň “B” toparçasynda Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de Nepalyň milli ýygyndylary bäsleşerler.

Merkezi we Günorta sebitine wekilçilik edýän ýygyndylaryň saýlama tapgyryndaky duşuşyklarynyň hemmesi hem Bişkek şäherinde geçiriler.

Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň birinji duşuşygy 10-njy aprelde geçiriler (Gyrgyz Respublikasy-Türkmenistan). 11-nji aprelde Eýranyň ýygyndysy bilen duşuşjak ýygyndy toparymyzyň toparçadaky soňky garşydaşy Maldiwleriň ýygyndysy bolar (12-nji aprel).

Her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndy toparlar Aziýa çempionatynyň final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar.

Futzal boýunça Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň şu ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljekdigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.