Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde «Aşgabat» bilen duşuşan «Ahal» topary 3:0 hasabynda üstün çykdy.
Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Merw» öz meýdanynda «Şagadamdan» 1:0, «Köpetdag» bolsa «Energetikden» 2:0 hasabynda üstün çykdylar.
21-nji tapgyryň çäginde «Nebitçi» bilen «Altyn Asyr» toparlarynyň arasynda geçirilmeli duşuşykda «Nebitçi» toparyna 0:3 hasabynda tehniki ýeňliş yglan edildi.
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyry 25-nji hem-de 26-njy noýabrda geçiriler: «Merw» – «Köpetdag», «Energetik» – «Altyn Asyr», «Nebitçi» – «Ahal», «Aşgabat» – «Şagadam».
21-nji tapgyryň duşuşyklary:
«Aşgabat» – «Ahal» – 0:3
«Köpetdag» – «Energetik» – 2:0
«Merw» – «Şagadam» – 1:0
«Nebitçi» – «Altyn Asyr» – 0:3 (teh. ýeňliş)
Çempionatyň tablisasy:
T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
1. | «Ahal» FK | 21 | 18 | 3 | 0 | 69-13 | 57 |
2. | «Altyn Asyr» FK | 21 | 13 | 7 | 1 | 35-11 | 46 |
3. | «Merw» FK | 21 | 10 | 3 | 8 | 29-27 | 33 |
4. | «Köpetdag» FK | 21 | 10 | 1 | 10 | 34-33 | 31 |
5. | «Şagadam» FK | 21 | 8 | 4 | 9 | 33-31 | 28 |
6. | «Aşgabat» FK | 21 | 6 | 2 | 13 | 23-33 | 20 |
7. | «Energetik» FK | 21 | 4 | 3 | 14 | 14-45 | 15 |
8. | «Nebitçi» FK | 21 | 3 | 1 | 17 | 25-69 | 10 |