Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklarynyň eminleri bellenildi
04 Awgust, 2022 ý.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölümi futbol çempionatymyzyň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklarynyň eminlerini belli etdi.

Bu tapgyryň çäginde duşuşýan “Altyn Asyr” bilen “Ahal” toparlarynyň arasyndaky duşuşygy ýokary guramaçylykly derejede geçirmek hem-de iki toparyň janköýerlerine oňaýly şertleri döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Ýaryşlary guramak we geçirmek bölüminiň çözgüdi esasynda bu duşuşygy 6-njy awgustdan 7-nji awgustda geçirmek bellenildi.

2-nji tapgyryň duşuşyklary:

05.08.2022 ý. (anna)
“Aşgabat” – “Köpetdag”
Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 18:00
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: M.Öwezdurdyýew (Mary ş.)

06.08.2022 ý. (şenbe)
“Energetik” – “Merw”
Geçirilýän ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)
Başlanýan wagty: 18:00
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

“Nebitçi” – “Şagadam”
Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)
Başlanýan wagty: 18:15
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

07.08.2022 ý. (ýekşenbe)
“Altyn Asyr” – “Ahal”
Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)
Başlanýan wagty: 18:00
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), P.Pälwanow (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.