Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary mälim boldy
14 Ýanwar, 2023 ý.

12-nji ýanwarda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherindäki edara binasynda Olimpiýa oýunlary ― 2024-iň futbol boýunça zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky ýaryşlarynyň Aziýa boýunça saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bije çekişlik dabarasynyň onlaýn görnüşde geçirilendigini ýatladýarys.

Geçirilen bije çekişligiň netijesinde ýygyndy toparymyz “G” toparçada bäsleşmäge mümkinçilik aldy. Onuň bu tapgyrdaky garşydaşlary Hindistanyň, hem-de Gyrgyz Respublikasynyň zenanlar ýygyndylary bolar.

Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiadanyň futbol boýunça ýaryşlaryna şu gezek zenanlar ýygyndylarynyň 31-si gatnaşar.

Ýygyndylar 7 toparça bölünip, olaryň bäşisinde dört, galan ikisinde üç ýygyndy çykyş eder. Ähli toparçalardaky duşuşyklar 2023-nji ýylyň 3 ― 11-nji apreli aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler.

Ikinji saýlama tapgyryna diňe toparçalaryň birinji ornunyň eýeleri çykmaga mümkinçilik alarlar. Olar soňra ýaryşy Aziýanyň reýtinginde öňdäki bäş orny eýeleýän KHDR-nyň, Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Hytaýyň we Koreýa Respublikasynyň ýygyndylary bilen dowam etdirerler.

Ikinji saýlama tapgyryň iň güýçli dört ýygyndysy (üç toparçanyň ýeňijisi we iň gowy ikinji orny eýelän ýygyndy) üçünji saýlama tapgyrynda bije çekişlik esasynda özara duşuşarlar. Öz öýünde hem-de myhmançylykda geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde ýeňiş gazanan iki ýygyndy Pariž ― 2024-de Aziýa yklymyndan wekilçilik eder.

Olimpiýa oýunlarynyň zenanlaryň arasyndaky futbol ýaryşynyň Aziýa boýunça saýlama tapgyrlary şu ýylyň 6-njy dekabrynda tamamlanar.

Geçirilen bije çekişligiň netijeleri:

«А» toparçasy: Özbegistan, Iordaniýa, Gündogar Timor, Butan.

«В» toparçasy: Mýanma, Eýran, Bangladeş, Maldiwler.

«С» toparçasy: Wýetnam, Nepal, Palestina, Owganystan.

«D» toparçasy: Taýland, Mongoliýa, Singapur, Şri-Lanka.

«Е» toparçasy: Filippinler, Gonkong, Täjigistan, Pakistan.

«F» toparçasy: Hytaý Taýbeýi, Indoneziýa, Liwan.

«G» toparçasy: Hindistan, Gyrgyz Respublikasy, TÜRKMENISTAN.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2023.
Ähli hukuklary goragly.