Türkmenistanly hüjümçi Artur Geworkýan «Nasafyň» taryhyndaky iň güýçli legioner
26 Sentýabr, 2021 ý.

«AFK kubogy-2021» ýaryşynyň iň köp gol geçiren oýunçynyň kakasy türkmen futbolçysyny «Nasafyň» taryhyndaky iň güýçli legioner hasap edýär

Bilşimiz ýaly, «AFK-nyň kubogy-202» ýaryşynda Özbegistanyň «Nasaf» topary Hindistanyň «Mahun Bagan» toparyny 6:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ýarym finala ýollanma aldy.

Oýunyň 1-nji ýarymynda «Nasafyň» hüjümçisi Huseýin Narçaýew 3 gol pökgini tora salyp, şol oýnuň gahrymanyna öwrüldi.

Oýundan soň «wwwchampionat.asia» saýty futbolçynyň kakasy bilen söhbetdeşlik gurady. Hüjümçiniň kakasy ýaşlykdan «Nasafyň» çyn janköýeridigini aýtdy. «Nasaf»-yň taryhyndaky iň güýçli legioner kim?» diýilen sowala bolsa ol: «Şübhesiz türkmenistanly futbolçy Artur Geworkýan» diýip jogap berdi.

Maglumat hökmünde bellesek, Huseýin Narçaýew «AFK kubogy-2021»-de 6 pökgi geçirip, iň köp gol geçirenleriň sanawynda öňdeligi eýeleýär. Bu sanawdaky 2-nji orun 5 gol geçiren ildeşimiz Elman Tagaýewe degişli.

Merdan BAÝADOW, sport synçysy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.