Türkmenistanly derwezeçiniň şowly oýny SSKA toparyny Täjigistanyň çempionatynda dördünji orna çykardy
20 Sentýabr, 2021 ý.

19-njy tapgyryň duşuşyklary bilen Täjigistanyň futbol çempionatynyň jemleýji, üçünji aýlawynyň duşuşyklaryna badalga berildi. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Bu tapgyrda öňdebaryjy toparlaryň hemmesi-de üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Istiklol” öz meýdanynda “Rawşan” toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Hujand” “Duşenbe” toparynyň derwezesinden jogapsyz toplaryň bäşisini geçirdi (5:0). “Istarawşan” bilen “Hatlon” degişlilikde “Faýzkand” hem-de “Kuktoş” toparlaryndan üstün çykdylar. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Rahat Japarowyň çykyş edýän SSKA topary myhmançylykda “Eshatadan” 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Bu duşuşykda gazanan ýeňşinden soň 27 utuk toplan SSKA topary ýaryş tertibinde dördünji basgançaga geçmegi başardy. Türkmenistanly derwezeçiniň bu topara goşulaly bäri SSKA-nyň örän şowly çykyş edip ugrandygyny bellemek gerek. 19-njy tapgyryň çäginde SSKA-nyň “Eshata” bilen geçiren duşuşygynda R.Japarowyň esasy düzümde meýdana çykandygyny ýatladýarys.

Ýaryş tertibi hakynda aýtsak, onda ilkinji üç orny “Istiklol” (45 utuk), “Hujand” (35 utuk) hem-de “Istarawşan” (29 utuk) toparlary eýeleýärler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.