Türkmenistanly derwezeçiniň çykyş edýän topary “Faýzkanddan” üstün çykdy
07 Oktýabr, 2021 ý.

Täjigistanyň futbol çempionaty – 2021-iň 22-nji tapgyrynyň çäginde myhmançylykda “Faýzkand” topary bilen duşuşan türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarowyň çykyş edýän SSKA-sy 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Gissar şäherinde geçirilen duşuşykda SSKA ýeňiş getiren toplary Komroni Mirzohan (42), Firuz Bobiew (43) hem-de Lýuk Menjana Leonel (68) öz atlaryna ýazdyrdylar.

Türkmenistanyň milli ýygyndynyň derwezeçisi Rahat Japarow SSKA-nyň esasy düzüminde meýdana çykdy.

Duşenbe şäheriniň SSKA topary geçirilen 22 tapgyrdan soň toplan 36 utugy bilen ýaryş tertibinde üçünji orunda barýar.

Ýaryş tertibinde ilkinji iki orny “Istiklol” (52 utuk) hem-de “Hujand” (42 utuk) toparlary eýeleýärler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.