Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarowyň çykyş edýän topary Täjigistanyň futbol çempionatynda üçünji orna çykdy
24 Sentýabr, 2021 ý.

Täjigistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Rahat Japarowyň çykyş edýän Duşenbe şäheriniň SSKA topary myhmançylykda «Rawşany» ýeňdi. Duşuşyk Duşenbe şäheriniň toparynyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.

Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarowyň başdan-aýaga gatnaşan duşuşygynda ýeňiji toparyň pökgülerini 37-nji minutda Lýuk, 81-nji minutda Firuz Bobiýew geçirdi.

Bu ýeňişden soňra utugyny 30-a çykaran SSKA ýaryş tertibinde üçünji orny eýeleýär. Topar nobatdaky duşuşygyny 25-nji sentýabrda «Duşenbe-83» bilen geçirer.

Çeşme: turkmenportal.com

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.