Türkmenistanly derwezeçi özüniň täze toparyndaky ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi
20 Awgust, 2021 ý.

Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow Duşenbe şäheriniň SSKA toparyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Derwezeçimiz Täjigistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň çäginde SSKA-nyň “Hujand” bilen geçiren duşuşygynda esasy düzümde meýdana çykdy. Bu duşuşyk 3:1 hasabynda SSKA toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Gazanan bu ýeňşinden soň SSKA toplan 18 utugy bilen ýaryş tertibinde 6-njy orna geçmegi başardy.

Ýeri gelende bellesek, 25 ýaşly R.Japarow SSKA toparynyň düzümine şu aý goşulyp, Duşenbe şäheriniň topary bilen 2021-nji ýylyň soňuna çenli şertnama baglaşdy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisiniň iň soňky çykyş eden topary özbekleriň “Buhara” topary bolupdy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.