Türkmen toparyndan utulan «Şerif» dünýäni geň galdyrýar
01 Oktýabr, 2021 ý.

«Şerif» bu gezek Ýewropanyň çempionlar ligasynyň topardaky ýaryşynyň 2-nji tapgyrynda Madridde «Realdan» üstün çykmagy başardy

Ýewropanyň çempionlar ligasynda Maldowýanyň «Şerif» topary bu gezegem ýeňiş gazandy. Olar myhmançylykda Jasur Ýagşybaýew we Sebastian Tilliň gollary bilen «Realy» ýeňlişe sezewar etdi («Real» - «Şerif» 1:2). «Realdan» Karim Benzema tapawutlandy. Ol 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirdi.

Şeýlelikde, «Şerif» kluby «Real», «Inter», «Şahtýor» ýaly tejribeli klublaryň jemlenen toparynda 2 tapgyrdan soňra ynamly öňe saýlandy.

Moldowalylar Ýewropanyň çempionlar ligasynyň çägindäki oýunlarda şu möwsümde bir gezegem ýeňilmändir. «Şerif» 11 oýunda 8 gezek ýeňiş gazanyp, ýene 3 oýny deňlikde tamamlapdyr.

«Şerif» nobatdaky tapgyryň duşuşygyny 2021-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda «Inter» bilen geçirer.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Şerif» 2006-njy ýylda GDA-nyň kubogynda Türkmenistanyň «Ýedigen» klubyndan 1:0 hasabynda ýeňlipdi. Ildeşlerimize ýeňiş getiren eke-täk pökgini 68-nji minutda Nazar Çöliýew öz adyna ýazdyrmagy başarypdy.

Sport žurnalisti Merdan Baýat şol wagtlar «Ýedigen» klubunyň kapitanynyň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Jumadurdy Meredow bolandygyny ýatlaýar.

Hojaberdi Apbaýew,

sport synçysy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.