Türkmen toparlarynyň AFK-nyň Kubogy – 2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etjek wagtlary belli boldy
23 Iýun, 2022 ý.

Ozal habar berşimiz ýaly, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” hem-de “Köpetdag” toparlary AFK-nyň Kubogy – 2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş ederler. Ýakynda AFK-nyň resmi saýtynda AFK-nyň Kubogy – 2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginiň duşuşyklarynyň geçiriljek wagtlary mälim edildi.

Ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony “Altyn Asyr” Merkezi Aziýa sebitiniň “E” toparçasynda “SSKA-Pamir” (Täjigistan), “Sogdiana” (Özbegistan) hem-de “Neftçi” (Gyrgyz Respublikasy) toparlary bilen bäsleşýändigini ýatladýarys. Bu toparçanyň duşuşyklary 24 — 30-njy iýun aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Duşenbe şäherinde geçiriler.

Geçen möwsüm futbol çempionatymyzy dördünji orunda tamamlan “Köpetdagyň” garşydaşlary bolsa Gyrgyz Respublikasynyň “Dordoý” hem-de Täjigistanyň “Hujand” toparlary bolar. Merkezi Aziýa sebitiniň “F” toparçasynyň duşuşyklary 24 — 30-njy iýun aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Bişkek şäherinde geçiriler.

Geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde her toparçanyň ýeňijisi AFK-nyň sebit bäsleşiginiň aýgytlaýjy duşuşygynda güýç synanyşmaga mümkinçilik alarlar.

“F” toparça (geçirilýän ýeri: Duşanbe, Täjigistan)
1-nji tapgyr, 24-nji iýun (anna)

19:00 “Sogdiana” (Özbegistan) – “Neftçi” (Gyrgyz Respublikasy)
22:00 “Altyn Asyr” (Türkmenistan) – “SSKA-Pamir” (Täjigistan)

2-nji tapgyr, 27-nji iýunda (duşenbe)
19:00 “Neftçi” (Gyrgyz Respublikasy) – “Altyn Asyr” (Türkmenistan)
22:00 “SSKA-Pamir” (Täjigistan) — “Sogdiana” (Özbegistan)

3-nji tapgyr, 30-njy iýun (penşenbe)
19:00 “Sogdiana” (Özbegistan) — “Altyn Asyr” (Türkmenistan)
22:00 “SSKA-Pamir” (Täjigistan) — “Neftçi” (Gyrgyz Respublikasy)

***

“E” toparça (geçirilýän ýeri: Bişkek, Gyrgyz Respublikasy)

1-nji tapgyr, 24-nji iýun (anna)
19:00 “Köpetdag” (Türkmenistan) — “Hujand” (Täjigistan)

2-nji tapgyr, 27-nji iýunda (duşenbe)
19:00 “Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy) — “Köpetdag” (Türkmenistan)

3-nji tapgyr, 30-njy iýun (penşenbe)
19:00 “Hujand” (Täjigistan) — “Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy)

Bellik: duşuşyklaryň beşlanýan wagtlary Aşgabat wagty bilen görkezilen.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.