Türki dilli ýurtlarda oýnan türkmenistanly futbolçylardan düzülen mysaly ýygyndy
16 Noýabr, 2021 ý.

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammiti geçirildi. Türki dilli döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere sport ulgamynda hem mynasyp goşant goşulýar. Türkmen futbolçylarynyň dürli ýyllarda türki dilli döwletleriň futbol çempionatlarynda üstünlikli çykyş edendigini nazara alyp, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» hepdelik elektron goşundysynyň we Türkmenistanyň futbol federasiýaysynyň hünärmenleri olaryň mysaly ýygyndysyny düzdi.

DERWEZEÇI
Ýewgeniý Naboýçenko (1999-2005. «Kaýrat», Gazagystan)

GORAGÇYLAR
Goçguly Goçgulyýew (2002-2005. «Pahtakor», Özbegistan)
Ata Geldiýew (2018-2019. «Alaý», Gyrgyzystan)
Ýuriý Bordolimow (2004-2006. «Taraz», Gazagystan)

ÝARYMGORAGÇYLAR
Amir Gurbani (2018. «Dordoý», Gyrgyzystan)
Artur Geworkýan (2011-2016. «Nasaf», Özbegistan)
Ruslan Mingazow (häzirki wagtda «Kaspiý», Gazagystan)
Arslanmyrat Amanow (2021. «Sogdiana», Özbegistan)
Nazar Baýramow (2007-2010. «Neftçi», Azerbaýjan)

HÜJÜMÇILER
Elman Tagaýew (2017-2018. «Sabail», Azerbaýjan)
Röwşen Muhadow (1992-1993. «Gençlerbirligi», Türkiýe)

BAŞ TÄLIMÇI
Baýram Durdyýew (1997. «Ýelimaý», Gazagystan)

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.