TFF-niň ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky ýygnagy geçirildi
06 Ýanwar, 2023 ý.

Şu gün, 6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda TFF-niň ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky ýygnak geçirildi.

Onuň dowamynda ýurdumyzyň dürli ýaşdaky ýygyndy toparlarynyň hem-de zenanlar ýygyndymyzyň baş tälimçileri bellenildi.

Şeýlelik-de, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Mergen Orazow, Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň baş tälimçisiniň wezipesine bolsa Ýakup Öwezow bellenildiler.

Mergen Orazowyň tälimçiligindäki “Ahal” toparynyň 2022-nji ýylda taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ýeňijisi bolandygyny ýatladýarys. M.Orazowyň geçen möwsümiň jemi boýunça “Iň ökde tälimçi” diýlip yglan edilendigini hem bellemek gerek.

Ýakup Orazowyň tälim berýän “Deňizçi” topary bolsa geçen möwsümde ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň ýeňijisi boldy. Möwsümiň jemi boýunça Ý.Öwezow 2020-nji ýylyň iň ökde tälimçisi diýlip saýlanyldy.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U23) baş tälimçisi Ahmet Agamyradowyň, Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Said Seýidowyň hem-de Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Kamil Mingazowyň hereket edýän şertnamalarynyň möhletleri uzaldyldy.

Mundan başga-da, ýygnagyň dowamynda TFF-niň nobatdaky konferensiýasyny 2023-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirmek barada karara gelindi.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2023.
Ähli hukuklary goragly.