TFF-niň Tehniki bölüminiň wekili FIFA-nyň onlaýn seminaryna gatnaşdy
13 Sentýabr, 2021 ý.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki bölüminiň wekili Röwşen Muhadow FIFA tarapyndan onlaýn görnüşinde guralan “Täsirli lider” maslahatyna gatnaşdy.

Tälimçilik biliminiň menejerleriniň gatnaşmagynda geçirilýän FIFA-nyň onlaýn maslahaty üç tapgyrdan ybarat bolup, şu gün onuň birinjisi geçirildi.

Türkmenistanly hünärmenden başga onlaýn-maslahatyna FIFA agza bolan beýleki assosiasiýalaryň tälimçi menejerleri gatnaşdylar. Onlaýn-seminary FIFA-nyň öňdebaryjy hünärmenleri tarapyndan geçirildi.

Onlaýn-maslahatyň maksady?

FIFA futbol assosiasiýalaryň tehniki hünärmenlerini goldamak maksady bilen bu ugurda birnäçe işleri alyp barýar. Munuň esasy sebäbi Tehniki direktorlara, tälimçilik biliminiň menejerlerine, gözükdirijilere, şol birwagtda tälimçilere ýerlerde futboly ösdürmekde köp zat bagly bolup durýar.

Şol sebäpli-de, FIFA tälimçilik biliminiň menejerleriniň gatnaşmagynda “Täsirli lider” ady bilen onlaýn-maslahatyny guraýar.

“Täsirli lider” diýlip atlandyrylan onlaýn-maslahaty üç tapgyrdan ybarat bolar:

Birinji tapgyr: Täsirli söhbetdeşlik

Ikinji tapgyr: Täsirli aňlaýyş ykyby

Üçünji tapgyr: Ikitaraplaýyn düşünişmegi ýola goýmak

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.