TFF-niň Eminler bölüminiň ýolbaşçysy Bütinnepal Futbol Assosiasiýasynyň futzal eminleri bilen onlaýn-seminaryny geçirdi
21 Sentýabr, 2021 ý.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölüminiň ýolbaşçysy, AFK-nyň futzal eminleriniň gözükdirijisi Wadim Baratow Bütinnepal Futbol Assosiasiýasynyň futzal eminleri bilen üç günlük onlaýn-seminaryny geçirdi. Onlaýn-seminarynyň Bütinnepal Futbol Assosiasiýasynyň hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň başlangyjy boýunça geçirilendigini bellemek gerek.

Onlaýn-seminarynyň dowamynda gatnaşyjylar futzal oýnunyň Düzgünleri bilen giňişleýin tanyşdyryldylar. Şeýle-de, seminarda futzal oýunlarynyň Düzgünleri wideomateriallar arkaly düşündirildi. Onuň soňunda bolsa gatnaşykylar meýdançada emele gelen ýagdaýlara seljerme bermäge gatnaşdylar.

AFK-nyň golaý gelejekde hem şunuň ýaly onlaýn-seminarlary yzygiderli geçirip durmagy meýilleşdirýändigini aýtmak gerek.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.