“Sport” teleýaýlymynda «Ýaşyl meýdança» gepleşiginiň nobatdakysy görkeziler
12 Awgust, 2021 ý.

13-nji awgustda Türkmenistanyň “Sport” teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleriniň bilelikde taýýarlan “Ýaşyl meýdança” gepleşiginiň nobatdakysy ýaýlyma goýberiler.

Onuň dowamynda  ýurdumyzyň futbol klublarynyň tomusky transfer möwsüminde amala aşyran alyş-çalyşlary barasynda giňişleýin gürrüň ediler.

Şeýle-de, gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de tff.com.tm saýtynyň alyp barýan işleri hakynda hem durlup geçiler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.