«Şagadam» ýaryş tertibinde ikinji orna geçdi
12 Noýabr, 2021 ý.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň bäşinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onda ýeňiş gazanan «Şagadam» topary toplan 10 utugy bilen ýaryş tertibinde ikinji basgançaga geçmegi başardy.

Türkmenbaşy şäheriniň topary öz meýdanyda Mary şäheriniň «Energetigini» 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu tapgyryň çäginde Maryda geçirilen duşuşykda ýerli «Merw» «Nebitçi» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Şu oýun gününde birinji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy hem geçirilip, onda «Köpetdag» bilen «Aşgabadyň» arasyndaky oýun netijeli deňlik bilen tamamlandy – 2:2.

13 utugy bolan «Ahal» toparynyň ýaryş tertibiniň birinji basgançagyny eýelemegini dowam edýändigini ýatladýarys. Geçen möwsümiň ýeňijisi «Altyn Asyr» topary üçünji orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary 15-nji noýabrda geçiriler: «Ahal» – «Aşgabat», «Şagadam» – «Köpetdag», «Energetik» – «Nebitçi», «Altyn Asyr» – «Merw».

1-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygynyň netijesi:

«Köpetdag» – «Aşgabat» – 2:2

Gollar: 18 Ýazgylyç Gurbanow, 75 Yhlas Saparmämmedow («Köpetdag») – 74 Gurbannyýaz Sähedow (11 m.j.u.), 90+1 Döwran Hojamämmedow («Aşgabat»)

Duýduryşlar: 50 Şiri Annaýew, 67 Elýas Akyýew («Köpetdag») – 57 Myrat Amantaganow, 90+3 Atageldi Geldiýew, 90+5 Muhammet Öwezow («Aşgabat»)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow Daşoguz ş.)

Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.)

5-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

«Şagadam» – «Energetik» – 3:0

Gollar: 47 Merdan Paltaýew (öz derwezesine), 71 Hydyr Ýakubow, 85 Nazar Towakelow (11 m.j.u.) («Şagadam»)

Duýduryşlar: 57 Ruslan Priýew, 82 Merdan Paltaýew («Energetik»)

Geçirilen ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: G.Kanaýew (Aşgabat ş.)

«Merw» – «Nebitçi» – 1:1

Gollar: 86 Amangeldi Saparow («Merw») – 72 Guwanç Abylow («Nebitçi»)

Duýduryşlar: 36 Döwletmyrat Döwletmyradow, 50 Begenç Alamow, 56 Amangeldi Saparow, 59 Toýly Goçnazarow, 72 Begenç Temriýew («Merw») – 17 Merdan Gurbanow, 33 Akmyrat Jumanazarow, 41 Serdar Tukiýew, 43 Ýusup Annagurbanow («Nebitçi»)

Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Çaryýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Duşuşygyň komissary: H.Ataniýazow (Aşgabat ş.)

Ýaryş tertibi:

T/bToparlarOÝDUTU
1.«Ahal»541013-313
2.«Şagadam»531111-810
3.«Altyn Asyr»530211-99
4.«Nebitçi»51312-36
5.«Aşgabat»51226-75
6.«Merw»51229-125
7.«Köpetdag»50416-74
8.«Energetik»50143-121
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2022.
Ähli hukuklary goragly.