«Şagadam» çempionatymyzyň toparlarynyň oýunçylarynyň birnäçesini düzümine geçirdi
09 Awgust, 2021 ý.

Paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparynyň oýunçylary Röwşen Begjanow, Arslan Ýollyýew hem-de Muhammedaly Dendanow Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparynyň düzüminde çykyş ederler.

Şeýle-de, «Aşgabadyň» öňki oýunçysy Nazar Towakelow hem hünär ýoluny «Şagadamda» dowam eder. «Ahalyň» oýunçysy Kerim Hojaberdiýew Türkmenbaşy şäheriniň toparynda kärendesinde çykyş eder.

Mundan başga-da, «Şagadam» topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine goşdy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» topary geçen ýyl ýurdumyzyň futbol çempionatynda 3-njy orny eýeledi.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.