Rahmanguly Baýlyýew “Şagadam” toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi
07 Awgust, 2021 ý.

Tejribeli hünärmen Rahmanguly Baýlyýew Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Ol bu wezipede Aleksandr Klimenkonyň ornuna geldi.

Ýeri gelende bellesek, R.Baýlyýew geçen möwsüm Mary şäheriniň “Energetik” toparyny türgenleşdiripdi.

Hünärmene bu wezipede “Ahal” toparynyň öňki baş tälimçisi Hojaahmet Arazow kömekleşer.

Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” toparynyň ýurdumyzyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde üçünji orny eýeländigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.