Polina Gurýewa Türkmenistanyň taryhyndaky ilkinji olimpiýa medalyny gazandy
27 Iýul, 2021 ý.

Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlaryndan şatlykly habar gelip gowuşdy. Türkmenistanly agyr atletikaçy zenan Polina Gurýewa ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji olimpiýa medalyny gazanmagy başardy.

Şu gün agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda 59 kilogram agrama çenli geçirilen bäsleşikde P. Gurýewa 217 kg netije bilen kümüş medala mynasyp boldy.

Bu agramlyk derejesinde birinji orny Hytaý Taýpeýinden Go Sinçžun (236 kg), üçünji orny bolsa ýaponiýaly Mikiko Ando (214 kg) eýelediler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Polina Gurýewany hem-de bütin türkmen halkyny Olimpiýa oýnunda gazanylan taryhy netije bilen tüýs ýürekden gutlaýar. Gazanylan bu baýrak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasy gymmatly sowgat boldy.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.