Paýtagtymyzda tälimçilik kursuna badalga berdildi
22 Noýabr, 2021 ý.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzda “B” kategoriýany almak ugrunda AFK-nyň tälimçilik kursuna badalga berildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda geçirilýän tälimçilik kursunyň gözükdirijisi hökmünde ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Röwşen Muhadow çykyş edýär.

Nazaryýetdir tejribeçilik sapaklaryny öz içine alýan okuw-ýygnanyşygy iki moduldan ybarat bolar. Onuň ilkinjisi 22-nji noýabrdan 2-nji dekabra çenli, ikinjisi bolsa 17-25-nji dekabr aralygynda dowam eder. Birinji hem-de ikinji modulyň aralygynda gatnaşyjylar öz toparlarynda tejribe sapaklaryny geçerler.

Tälimçilik okuw-ýygnanyşygyna ýurdumyzyň dürli künjegine wekilçilik edýän futbol hünärmenleriň 24-siniň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Okuw-ýygnanyşygynyň soňunda geçiriljek synaglary üstünlikli geçenlere ýörite sertifikatlar gowşurylar.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.