Özbegistanda çykyş eden türkmen futbolçylaryndan düzülen mysaly ýygyndy
04 Oktýabr, 2021 ý.

Türkmen-özbek sport hyzmatdaşlygy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň sport babatda hem durnukly ösdürilýänligi özara hyzmatdaşlygyň barha ilerleýändiginden habar berýär. Dürli ýyllarda türkmen türgenleriniň Özbegistanda, özbegistanly sport hünärmenleriniň Türkmenistanda üstünlikli işländikleri sport babatdaky hyzmatdaşlygyň baý taryhynyň bardygyny görkezýär. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana resmi saparyna gabatlap, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» elektron goşundysy bilen Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň Metbugat gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Özbegistanda çykyş eden türkmen futbolçylaryndan mysaly ýygyndy düzüldi. Olaryň arasynda birnäçe ýyl mundan ozal çykyş eden futbolçylaram, golaýda çykyş eden oýunçylaram bar. Bu bolsa iki döwletiň sport babatdaky hyzmatdaşlygynyň sene ýazgysynyň onlarça ýyl ozal başlanandygyny aýtmaga esas berýär.

Mysaly ýygyndy düzülende dürli ýyllarda birnäçe toparda çykyş eden oýunçylaryň has ýokary netije gazanan klubynyň görkezilendigini ýatladýarys. Şol ýygyndynyň düzümini okyjylara hödürleýäris!

Derwezeçi: Pawel Harçik («Kyzylkum»).

Goragçylar: Goçguly Goçgulyýew («Pahtakor»), Didar Hajyýew («Nowbahor»), Abdy Bäşimow («Kyzylkum»), Myrat Hemraýew («Dinamo»).

Ýarymgoragçylar: Arslanmyrat Amanow («Lokomotiw»), Artur Geworkýan («Nasaf»), Döwletmyrat Ataýew («Nowbahor»), Wezirgeldi Ylýasow («Kyzylkum»).

Hüjümçiler: Guwançmuhammet Öwekow («Nowbahor»), Elman Tagaýew («Nowbahor»).

Baş tälimçi: Täçmyrat Agamyradow («Pahtakor»).

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.