Türkmenistanyň wise-çempiony düzümine tejribeli oýunçylary geçirdi

Ahal welaýatynyň «Ahal» topary futbol çempionatymyzyň nobatdaky möwsüminiň öňýany tejribeli oýunçylary düzümine geçirdi.

Futbol çempionatymyzyň täze möwsüminiň öňüsyrasy «Ahalyň» düzümine geçen möwsümi Özbegistanyň «Kyzylkum» toparynyň düzüminde geçiren Abdy Bäşimow, «Bunýodkorda» çykyş eden Selim Nurmyradow hem-de «Maşalda» oýnan Didar Durdyýew goşuldylar.

Mundan başga-da, geçen möwsüm Malaýziýanyň PDRM toparynda çykyş eden milli ýygyndymyzyň oýunçylary Serdar Geldiýew bilen Şöhrat Söýünow hem hünär ýollaryny «Ahalda» dowam ederler.

Geçen möwsüm «Abdyş-Ata» topary bilen Gyrgyz Respublikasynyň futbol birinjiliginde dördünji orny eýelän Ata Geldiýew hem «Ahalyň» düzümine goşuldy. Şeýle-de, Ahal welaýatynyň topary «Köpetdagyň» derwezeçisi Rasul Çaryýewdir, bu toparyň oýunçylary Meýlis Diniýew hem-de Ybraýym Mämmedow bilen hem şertnama baglaşdy.

«Köpetdag» topary bilen futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy-2020-de çempionlyk derejesini gazanan Daýanç Garajaýew, Arzuwguly Sapargulyýew, Berdimyrat Sapardurdyýew (derwezeçi) hem «Ahalyň düzümine goşuldylar.

Mundan başga-da, «Ahal» topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine goşdy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde 55 utuk toplan «Ahal» ýaryş tertibinde ikinji basgançagy eýeläpdi.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.