Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary Koreýa Respublikasynyň hem-de Liwanyň ýygyndy toparlary ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler.

Koreýa Respublikasy Ýokagama şäheriniň “Nissan” stadionynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Ýaponiýanyň ýygyndysyndan 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Liwanyň ýygyndysy iordaniýaly garşydaşlaryndan 1:0 hasabynda ýeňildiler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ýygyndy topary dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrçasynyň “H” toparçasynda Koreýa Respublikasynyň, Liwanyň, KHDR-iň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýär. Ýygyndymyz 3-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň, 11-nji iýunda Liwanyň hem-de 15-nji iýunda KHDR-iň ýygyndylary bilen duşuşar. Saýlama tapgyrynyň galan duşuşyklarynyň 3-15-nji iýun aralygynda Koreýa Respublikasynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň ýygyndy topary “H” toparçasynda geçiren 5 duşuşygynda toplan 9 utugy bilen birinji basgançagy eýeleýär.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.