“Buhara” topary täze oýunçylarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi

Özbegistanyň “Pro-ligasynyň” wekili “Buhara” topary möwsümiň öňüsyrasy düzümine geçiren täze oýunçylarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Buhara şäheriniň “Sahid Zarawşan” myhmanhanasynda geçirilen dabarada bu topara täze goşulan türkmenistanly futbolçy Rahat Japarow bilen hem tanyşdyryldy. R.Japarow özüniň täze toparynda birinji belgili köýnekçede çykyş eder.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi 25 ýaşly R.Japarow möwsümiň öňüsyrasy “Buhara” topary bilen bir ýyllyk şertnama baglaşypdy.

Ýygyndy toparymyzyň derwezeçisiniň mundan öňki çykyş eden topary Gyrgyz Respublikasynyň “Abdyş-Ata” topary bolupdy.

“Buhara” topary geçen möwsümiň jemi boýunça Özbegistanyň “Superligasynda” soňky, 17-nji orny eýeläpdi. Şol sebäpli hem bu topar geljek möwsümi “Pro-ligada” geçirer.

Çeşme: championat.asia

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.