Ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynda öňe saýlanan toparlar belli boldy
06 Iýul, 2021 ý.

Şu gün, 6-njy iýulda ýurdumyzyň futzal çempionatynda (Naýbaşy ligasy) ikinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Geçirilen duşuşyklardan soň öňe saýlanan toparlar belli boldy. Geçirilen iki tapgyrda 6 utukdan toplan “Köpetdag” hem-de “Migrasiýa” toparlary öňdäki orunlary eýeleýärler.

Naýbaşy ligasynyň üçünji tapgyry 8-nji iýulda geçiriler.

2-nji tapgyryň netijeleri:

“Milli goşun” – “Deňizçi” – 2:2

Gollar: Röwşen Orazmuhammedow, Röwşen Daňatarow (“Milli goşun”) – Kadyrberdi Berenow, Orazberdi Myradow (“Milli goşun”, öz derwezesine) (“Deňizçi”)

“Serhetçi” – “Migrasiýa” – 1:6

Gollar: Yklym Orazmuhammedow (“Serhetçi”) – Serdar Çaryýew (3), Abdylla Nursähedow, Aýmyrat Magtymow, Akmyrat Durdyýew (“Migrasiýa”)

TNGIZT – “Gümrükçi” – 1:3

Gollar: Jumamyrat Balkaraýew (TNGIZT) – Gurbannyýaz Atamyradow, Nepesgeldi Ataýew, Maksat Amanow (“Gümrükçi”)

“Köpetdag” – “Senagatbank” – 4:1

Gollar: Mülkaman Annagulyýew (2), Berdiguly Meredow (“Senagatbank”, öz derwezesine), Röwşen Rejepdurdyýew (“Köpetdag”) – Berdiguly Meredow (“Senagatbank”)

08.07.2021 ý. III-tapgyr

«Migrasiýa»«Milli goşun»10:00
«Gümrükçi»«Serhetçi»12:00
«Senagatbank»TNGIZT14:00
«Deňizçi»«Köpetdag»16:00
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.