Ýurdumyzyň futzal çempionatyna (Naýbaşy ligasy) badalga berildi
05 Iýul, 2021 ý.

Şu gün, 5-nji iýulda duşuşyklaryň dördüsi bilen ýurdumyzyň futzal çempionatyna (Naýbaşy ligasy) badalga berildi. Ýeri gelende bellesek, futzal ligasynyň 1-nji, 2-nji, 3-nji hem-de 4-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary paýtagtymyzda geçiriler.

Ýurdumyzyň futzal çempionatynyň toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Dört aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy futzal ligasynyň duşuşyklary Aşgabat, Mary, Türkmenbaşy hem-de Daşoguz şäherlerinde geçiriler. Futzal ligasynyň jemleýji tapgyry altynjy noýabrda geçiriler.

Birinji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

“Köpetdag” – TNGIZT – 6:0

Gollar: Geldimuhammet Aşyrlyýew, Allaýar Gaýybow, Mülkaman Annagulyýew (3), Ramiz Gasanow (TNGIZT, öz derwezesine) (“Köpetdag”)

“Senagatbank” – “Milli goşun” – 2:2

Gollar: Rahatmyrat Nepesow, Sapar Annamyradow (“Milli goşun”, öz derwezesine) (“Senagatbank”) – Şamuhammet Babaýew, Remezanaly Ataýew (“Milli goşun”)

“Deňizçi” – “Serhetçi” – 19:4

Gollar: Nepesmyrat Lallakow, Maksat Soltanow (2), Şiri Baýramdurdyýew (2), Gylyçmyrat Gylyçmyradow (3), Kadyberdi Berenow (2), Danil Pançenko (2), Alişer Hudaýbergenow (3), Yklym Orazmuhammedow (“Serhetçi, öz derwezesine), Allamyrat Kurbanow, Kerwen Annaorazow, Toýly Halmyradow (“Deňizçi”) – Babaly Islamow (2), Kuwwat Soltanow, Annamyrat Ýazzyýew (“Serhetçi”)

“Migrasiýa” – “Gümrükçi” – 3:2

Gollar: Abdylla Gurbannepesow, Abdylla Nursähedow, Akmyrat Durdyýew (“Migrasiýa”) – Nepesgeldi Ataýew (2) (“Gümrükçi”)

05.07.2021 ý.

Oýun – 5«Köpetdag»TNGIZT10:00
Oýun – 6«Senagatbank»«Milli goşun»12:00
Oýun – 7«Deňizçi»«Serhetçi»14:00
Oýun – 8«Migrasiýa»«Gümrükçi»16:00
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.