Aşgabatda futzal eminleriniň gatnaşmagynda okuw seminary geçiriler
01 Iýul, 2021 ý.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda Aşgabatda ýurdumyzyň futzal eminleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň futzal çempionatynyň – “Naýbaşy ligasy” öňüsyrasy dört günlük okuw-seminary geçiriler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň konferensler zalynda geçiriljek okuw-seminarynyň esasy maksady futzal eminleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan, FIFA-nyň maslahatynda bellenilişi ýaly oýun düzgünlerine düşündiriş bermekden ybarat bolar. Onuň dowamynda FIFA-nyň fitnes-testi, şeýle-de, Oýun düzgüni boýunça wideo ýazgylar arkaly ýörite synaglar geçiriler. Okuw-seminarynyň gözükdirijisi hökmünde TFF-niň futbol eminleriniň komitetiniň ýolbaşçysy, AFK-nyň gözükdirijisi – Wadim Baratow çykyş edýär. Okuw-maslahaty 1-4-nji iýuly aralygynda geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.