Türkmenistanly derwezeçi “Buhara” toparyndaky ilkinji resmi duşuşygyna gatnaşdy
04 Maý, 2021 ý.

Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow Özbegistanyň “Buhara” toparyndaky ilkinji resmi duşuşygyna gatnaşdy. Derwezeçimiz Özbegistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň toparçalaýyn duşuşygynyň çäginde “Dinamo-Samarkand” topary bilen bolan duşuşykda toparynyň esasy düzüminde meýdana girdi. Bu duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Şeýle-de, bub toparçada “Gižduwan” hem-de “Surhan” toparlarynyň çykyş edýändigini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, 25 ýaşly türkmenistanly derwezeçi şu ýylyň ýanwar aýynda “Buhara” topary bilen bir ýyllyk şertnama baglaşypdy. Milli ýygyndymyzyň derwezeçisiniň mundan öňki topary Gyrgyz Respublikasynyň “Abdyş-Ata” topary bolupdy. Ol bu toparda 2020-nji ýylda çykyş edipdi.

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.