Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogy – 2022-niň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
24 Iýun, 2021 ý.

Şu gün, AFK-nyň merkezi edarasynda 2022-nji ýylda zenanlaryň arasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň bije çekişlik dabarasy geçirildi diýlip, AFK-nyň resmi saýtynda mälim edilýär.

Saýlama tapgyry ýygyndylaryň 28-siniň arasynda geçirilip, olar toparçalaryň 8-sinde özara bäsleşerler.

Bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy “A” toparçada Hytaý Taýpeýiniň, Bahreýniň hem-de Laosyň ýygyndy toparlary bilen bäsleşer.

“A” toparçadaky saýlama tapgyryň duşuşyklary 2021-nji ýylyň 13-25-nji sentýabrynda Hytaý Taýpeýinde geçiriler.

2022-nji ýylyň ýanwary – fewral aýlarynda Hindistanda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyryna saýlama tapgyryndaky toparçalaryň ýeňijileri gatnaşarlar.

2028-nji ýylda geçirilen Aziýa Kubogynda ilkinji üç orny eýelän Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň hem-de Hytaýyň ýygyndylary 2022-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň final tapgyryna göni gatnaşarlar. Aziýa Kubogynyň 2023-nji ýylda Awstraliýa bilen Täze Zelandiýada zenanlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna hem saýlama tapgyr bolar.

Bije çekişligiň netijeleri:

«A» toparça: Hytaý Taýpeýi (ýer eýesi), Bahreýn, TÜRKMENISTAN, LAOS

“B” toparça: Wýetnam, Täjigistan (ýer eýesi), Maldiw adalary, Owganystan

“С» toparça: KHDR, Singapur, Yrak, Indoneziýa (ýer eýesi)

“D” toparça: Mýanma (ýer eýesi), BAE, Guam, Liwan

“E” toparça: Koreýa Respublikasy, Özbegistan, Mongoliýa (ýer eýesi)

“G” toparça: Iordaniýa, Eýran, Bangladeş (ýer eýesi)

“H” toparça: Taýland, Palestina, Malaýziýa

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.