Bäşinji iýulda Türkmenistanyň futzal çempionatyna (Naýbaşy ligasy) badalga berler
25 Iýun, 2021 ý.

Bäşinji iýulda toparlaryň sekizisiniň gatnaşmagynda geçiriljek Türkmenistanyň futzal çempionatynyň (Naýbaşy ligasy) nobatdakysyna badalga berler.

Paýtagtymyza hem-de Balkan welaýatyna wekilçilik edýän toparlaryň gatnaşmagyndaky futzal çempionaty dört aýlawdan ybarat bolup, jemleýji, 28-nji tapgyrynyň duşuşyklary şu ýylyň 6-njy noýabrynda geçiriler.

Futzal çempionatynyň duşuşyklary Aşgabat, Mary, Türkmenbaşy hem-de Daşoguz şäherlerinde geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl geçirilen ýurdumyzyň futzal çempionaty bassyr ikinji gezek “Köpetdag” toparynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Çempionata gatnaşýan toparlar:

“Köpetdag” (Aşgabat ş.)

“Senagatbank” (Aşgabat ş.)

“Deňizçi” (Türkmenbaşy ş., Balkanabat wel.)

“Migrasiýa” (Aşgabat ş.)

“Gümrükçi” (Aşgabat ş.)

“Serhetçi” (Aşgabat ş.)

“Milli goşun” (Aşgabat ş.)

TNGIZT (Türkmenbaşy ş., Balkanabat wel)

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy © 2021.
Ähli hukuklary goragly.